Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen türgenleri agyr atletika boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatyna gatnaşýarlar. Astanada geçirilýän yklym birinjiliginiň dördünji gününde — 7-nji iýulda türkmenistanly agyr atletikaçylar ýaşlaryň arasynda 3 sany kümüş medala, ýetginjekleriň arasynda bolsa 3 sany bürünç medala mynasyp boldular. Ýaşlaryň arasynda 79 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Didarbek Jumabaýew silterläp götermekde 138 kilogramy galdyryp, kiçi kümüş medalyň, itekläp götermekde 174 kilogram netije bilen kiçi kümüş medalyň, şeýle-de iki görnüşiň jemi boýunça 312 kilogram görkeziji bilen uly kümüş medalyň eýesi boldy. Bu agramda birinji ýeri gazagystanly Nuržan Žumabaý (silterläp götermekde 140 kg, itekläp götermekde 175 kg, jemi 315 kg), üçünji orny özbegistanly Sanatbek Ýusupboýew (silterläp götermekde 132 kg, itekläp götermekde 166 kg, jemi 198 kg) eýeledi. Ýetginjekleriň arasynda bolsa 63 kilograma çenli agram derejede Türkmenistana wekilçilik eden Medine Amanowa birbada üç sany bürünç medal gazandy. Ol silterläp götermekde 88 kilogram, itekläp götermekde 110 kilogram we umymylykda 198 kilogram netije görkezdi. Bu agramda birinji ýer taýlandly Tanaporn Saetiýa (silterläp götermekde 98 kg, itekläp götermekde 123 kg, jemi 221 kg), ikinji orun bolsa indoneziýaly Sarah Saraha (silterläp götermekde 93 kg, itekläp götermekde 120 kg, jemi 213 kg) nesip etdi. Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşyň dördünji gününiň jemlerine görä, medallaryň hasaby boýunça ýaşlaryň arasynda 8-nji (4 kümüş we 5 bürünç medal), ýetginjekleriň arasynda bolsa 10-njy (3 bürünç medal) ýerde barýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir