“Liwerpul” häzire çenli Çempionlar ligasynda klub üçin çykyş eden iň ýaş oýunçy bolan Treýmoris Nýoni bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. 30-njy iýunda 18 ýaşyny dolduran güni ýarymgoragçy ilkinji professional şertnamasyny baglaşmaga mümkinçilik gazandy. Şertnama gol çekilendigi barada klubuň metbugat gullugy mälim etdi. Nýoni 2023-nji ýylyň sentýabrynda “Lesterden” “Liwerpula” geçdi. Geçen möwsümde ýarymgoragçy klubuň 18 ýaşa çenli, 19 ýaşa çenli we 21 ýaşa çenli ýaşlar toparlarynda çykyş etdi. Onuň hasabynda esasy toparyň düzüminde alty duşuşyk bar. “Görnüşi ýaly, bu köp zady aňladýar. Men kluby çagalykdan bäri goldaýaryn, şonuň üçin bu ajaýyp duýgy. Indi men çykyp, bu şertnama näme üçin mynasypdygymy görkezmeli. Men ädimde-ädim, gün-günden oýunçy hökmünde has kämilleşýärin diýip pikir edýärin. Men entek ýaş. Bu iň möhüm zat. Men kluba mynasyp jogap gaýtarmaly” – diýip, “Liwerpulyň” resmi saýty Nýoniniň sözlerini getirýär. Nýoni 2025-nji ýylyň ýanwarynda Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň “PSW” bilen oýnunda (2:3) 64-nji minutda meýdança çykdy. Ol 17 ýyl 213 gün ýaşynda Ýewropa ýaryşlarynyň taryhynda “Liwerpulyň” iň ýaş oýunçysy boldy.