15-nji iýunda Atlantada (ABŞ) UFC on ESPN 69 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy wakasy UFC-niň öňki çempiony nigeriýaly Kamaru Usman bilen amerikaly Hoakin Bakliniň arasynda ýarym orta agramda geçirilen söweş boldy. Söweş tutuş bäş raund dowam etdi we emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde Usmanyň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. 38 ýaşly nigeriýaly söweşiji üçin bu ýeňiş karýerasynda 21-nji boldy. Şeýle-de, onuň hasabynda dört ýeňliş bar. Mundan öň ol yzygider üç gezek ýeňlişe sezewar boldy. Bakliniň hasabynda indi 21 ýeňiş we ýedi ýeňliş bar. Ol Usman bilen duşuşykdan öň alty söweş bäri ýeňip gelýärdi. Agşamyň ýene bir esasy söweşinde zenanlaryň arasynda iň ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony Rouz Namaýunas bilen Miranda Mawerik duşuşdy. Emin agzalarynyň karar bermeginde Namaýunas ýeňiş gazandy.