Norwegiýaly Karsten Warholm Osloda geçirilen “Bişletdäki oýunlarda” päsgelçilikli 300 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda ilkinji bolup bu aralygy 33 sekuntdan tiz ylgap geçdi – onuň netijesi 32,67 sekunt boldy. Werholm päsgelçilikli 400 metr aralyga ylgamakda Olimpiýa çempiony we üç gezek dünýä çempionydyr. Ýöne bu gezek oňa adaty bolmadyk aralykda – päsgelçilikli 300 metrde üstünlik gazanmak başartdy. Bu dissiplina Olimpiýa oýunlarynyň we dünýä çempionatlarynyň programmasyna girmese-de, ýeňil atletikanyň janköýerleriniň arasynda örän meşhurdyr. “Men garşydaşlarymdan yza galypdym, ýöne soňky 50 metrde tizligimi artdyrdym. Möwsümiň başynda päsgelçilikli 300 metrde şeýle netijäni görkezmek! Bu meniň 400 metr tekiz aralygy hem örän gowy wagt bilen geçip biljekdigimi aňladýar. Muny ýekşenbe güni ýaryşlarda etmäge synanyşaryn” – diýip, Warholm World Athletics portalynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.