Mýunheniň “Bawariýasynyň” futbolçylary Klublaýyn dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji oýnunda täze Zelandiýanyň “Oklend Siti” toparyny 10:0 hasabynda utdy. Oýun Sinsinnatide geçirildi. 61-nji minutda meýdança çykan Jamal Musiala üç gol geçirdi. Ol 67-nji, 73-nji (penaltiden) we 84-nji minutlarda tapawutlandy. Şeýle-de, Kingsli Koman (6, 21), Maýkl Olise (20, 45+3) we Tomas Mýuller (45, 89) öz hasaplaryna iki gol ýazdy. Ýene bir goly Saşi Boe geçirdi (18). Birinji tapgyrdan soň “Bawariýa” üç utuk gazandy. “Oklend Sitiniň” hasabynda utuk ýok. Toparlaryň ikisi-de C toparçada oýnaýar, bu ýerde Portugaliýanyň “Benfika” we Argentinanyň “Boka Huniors” toparlary hem çykyş edýär. “Oklend Siti” Okeaniýanyň Çempionlar ligasynyň 13 gezek ýeňijisidir. Tälimçi Pol Pozanyň aýtmagyna görä, klubuň ähli futbolçylarynyň oýundan daşary hem esasy işi bar, şonuň üçin ABŞ-daky ýaryşa hemme oýunçy gelip bilmedi. Öň klub dünýä çempionatyna yzygiderli gatnaşypdy, 2009-njy ýylda bäşinji, 2014-nji ýylda üçünji orny eýeledi. Belläp geçsek, Klublaýyn dünýä çempionatyna ozal diňe kontinental klub ýaryşlarynyň ýeňijileri gatnaşýardy, ýöne şu gezek ýaryş 32 toparyň gatnaşmagynda täzelenen görnüşde geçýär. Olar 8 toparça bölündi. Pleý-offa her toparçadan iň gowy iki topar çykýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir