Italiýanyň futbol federasiýasy (FIGC) resmi saýtynda Jennaro Gattuzonyň milli toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. 47 ýaşly hünärmen 19-njy iýunda, penşenbe güni “Skuadra adzurranyň” tälimçisi hökmünde tanyşdyrylar. Ozal KHBS Gattuzonyň ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen birýyllyk şertnama baglaşjakdygyny habar berdi. 5-nji iýunda Gattuzo Horwatiýanyň “Haýduka” toparynyň baş tälimçisi wezipesini terk etdi. Karýerasynyň dowamynda hünärmen “Marsel”, “Walensiýa”, “Napoli”, “Milan” ýaly toparlara ýolbaşçylyk etdi. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň iki oýnundan soň Italiýanyň milli ýygyndysy üç utuk gazanyp, üçünji orny eýeleýär. Belläp geçsek, iýun aýynyň başynda Luçano Spalletti Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir