Üç gezek Olimpiýa çempiony Sammer Makintoş Kanadanyň çempionatynda 400 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi. Täze netije 4 minut 23,65 sekunt boldy. Bu aralykda öňki rekord hem onuň özüne degişlidi. 2023-nji ýylda ol 4.24,38 wagty görkezdi. Bu netije eýýäm türgeniň häzirki çempionatyň soňky bäş gününde goýan üçünji dünýä rekordy boldy. Mundan öň Makintoş 400 metr aralyga erkin usulda we 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde dünýä rekordlaryny täzeledi. Kanadanyň çempionaty dowam edýär.