Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Rezerford şäher okrugyndaky MetLife stadionynda FIFA-nyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň final oýnunyň arakesmesinde aýdym-sazly şüweleň bolar. FIFA 13-nji iýulda boljak konsertde kolumbiýaly aýdymçy Jeý Balwiniň, repçi aýdymçy Doja Cat-yň we nigeriýaly artist Temsiň esasy hedlaýnerler boljakdygyny habar berdi. Halkara futbol federasiýasy bu çäräni bilim we adam hukuklary guramasy bolan Global Citizen we iňlis rok topary Coldplay bilen bilelikde guraýar. "Oýnuň arakesmesindäki jemleýji şüweleňe Coldplay-den Kris Martin baş bolar. Ol FIFA Global Citizen bilim gaznasyny goldamaklyk üçin geçirilip, maksady oňat hilli bilime elýeterliligi gowulandyrmak üçin 100 million dollar ýygnamakdyr" – diýip, FIFA-nyň bildirişinde aýdylýar. 32 toparyň gatnaşmagyndaky Klublaýyn dünýä çempionaty 14-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriler. Ýaryş 14-nji iýunda Maýamide açylar. Birinji oýunda “Inter Maýami” Lionel Messi bilen Müsüriň “Al Ahli” klubuna garşy oýnar.