Hytaý kompaniýalary milli giriş synagy bolan Gaokaonyň adalatly geçmegini üpjün etmek maksady bilen, meşhur çat-botlarynda şekil tanamak funksiýalaryny wagtlaýyn öçürdiler. Bu synag 7-10-njy iýun aralygynda mekdeplerde geçirildi diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär. Gaokao ýokary okuw jaýlaryna girmek isleýänler üçin iň berk we iň kyn synaglaryň biri hasaplanýar. Bu synag ähli dalaşgärlere olaryň maliýe ýagdaýyna ýa-da ýaşaýan ýerine garamazdan, deň mümkinçilik berýär. Alibaba kompaniýasynyň Qwen, Tencent kompaniýasynyň Yuanbao we Moonshot kompaniýasynyň Kimi ýaly emeli aň programmalary resminamalary hem öz içine alýan surat tanamak mümkinçiliklerini öçürdiler. Käbir çat-botlar bu aýratynlygyň «wagtlaýyn doňdurylandygyny» habar berdi. Beýlekiler bolsa, synag kagyzlarynyň suratlaryny işlemekden boýun gaçyryp, munuň hyzmat düzgünlerini bozýandygyny aýtdy. Bu çäreler Gaokaonyň ähmiýeti bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr, sebäbi bu synagyň netijesi okuwçylaryň geljekki bilim we iş ugurlaryny kesgitleýär. Synaglaryň guramaçylary we Hytaýyň häkimiýetleri, esasan-da, emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösýän döwründe, aldawçylaryň öňüni almak isleýärler. Girizilen çäklendirmeler ähli ulanyjylary öz içine alýar, bu synaglaryň doly adalatly geçmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.