Belarusuň döwlet uniwersitetleri Türkmenistandan dalaşgärleri okuwa kabul etmek üçin söhbetdeşlikleriň ikinji tapgyryny geçirýär diýip, bu uniwersitetleriň resmi wekili bolan «Bitewi Hyzmat» kompaniýasy habar berýär. Birinji tapgyr eýýäm tamamlandy we käbir fakultetlerde ýerleriň ählisi doldy. Galan ugurlarda bolsa ýerleriň sany çäkli. Söhbetdeşliklere gatnaşmak we resminamalary tabşyrmak üçin dalaşgärler resmi wekiliň — Türkmenistandan Belarus döwlet uniwersitetlerine okuwa girmäge ýardam edýän «Bitewi Hyzmat» kompaniýasynyň üsti bilen hasaba alynmalydyr. Kompaniýanyň hyzmatdaş uniwersitetleriniň sanawy: Belarus döwlet uniwersiteti Belarusuň milli tehniki uniwersiteti Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti Grodno döwlet lukmançylyk uniwersiteti P.M.Maşerow adyndaky Witebsk döwlet uniwersiteti Polosk döwlet uniwersiteti A.D.Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa instituty Witebsk döwlet lukmançylyk uniwersiteti Gomel döwlet lukmançylyk uniwersiteti Dalaşgärler üçin hyzmatlar şulary öz içine alýar: Okuwa girmekde doly goldaw bermek; Talyplyk hataryna goşulmagyň ähli tapgyrlarynda maslahat bermek; Okuwyň bütin dowamynda goldaw bermek. Söhbetdeşliklere häziriň özünde ýazylyp bilersiňiz. Kompaniýanyň wekilleri Belarusuň abraýly döwlet uniwersitetlerinde galan ýerleriň çäkliligi sebäpli, dalaşgärleri haýal etmezden resminamalaryny tabşyrmaga çagyrýar. Has anyk maglumat almak we ýazylmak üçin +993 71 43 30 88, +993 62 02 30 84 telefon belgilerine jaň edip ýa-da bitevihyzmat@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly ýüz tutup bilersiňiz. «Bitewi Hyzmat» kompaniýasynyň ofisi Aşgabat şäherindäki «Syýahat» myhmanhanasynda ýerleşýär. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.