Türkmenistanly mekdep okuwçylary Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Abu Reýhan Biruni adyndaky II halkara himiýa olimpiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu barada uza.uz saýty ýazýar. Türkmenistanyň wekilleri bu halkara olimpiadada 3 kümüş we 4 bürünç medalyň eýesi boldular. Has takygy, halkara olimpiadada Türkmenistana wekilçilik eden mekdep okuwçylarynyň arasynda Jeren Akmyradowa, Rüstem Jumaýew, Pälwan Ilmämmedow kümüş medala, Hakan Annanyýazow, Aýlar Orunowa, Näzli Serdarowa, Artur Bekpolatow bürünç medal bilen sylaglandylar. Ozal habar berşimiz ýaly, 28-nji maý — 4-nji iýun aralygynda geçirilen halkara olimpiadada gatnaşyjylar iki tapgyrda: ýazuw işi (nazaryýet boýunça) we amaly iş (laboratoriýada) esasynda bäsleşdiler. Olimpiadanyň çäginde mekdep okuwçylary üçin halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda birnäçe ussatlyk sapaklary geçirildi. Umuman alnanda, Abu Reýhan Biruni adyndaky II halkara himiýa olimpiadasyna ýer eýesi Özbegistan bilen bir hatarda Türkmenistan, Saud Arabystany, Türkiýe, Azerbaýjan, Mongoliýa, Belarus Respublikasy, Wýetnam, Russiýa, Gruziýa, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy hem-de Täjigistan ýaly ýurtlardan jemi 115 sany mekdep okuwçy gatnaşyp, olaryň 12 sanysy altyn, 24 sanysy kümüş we 33 sanysy bürünç medala mynasyp boldular.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir