Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport çärelerini, şol sanda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny guramagyň täze tertibini tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär. Degişli 169-ö belgili karara 2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde bu komitetiň başlygy A. Saparow gol çekdi. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň degişli orunbasaryna gözegçilik etmek tabşyryldy. Sport çärelerini, şol sanda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmegiň tertibinde sport çäreleri, sport ýaryşy, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary, türgenleşik çäreleri we türgenleri taýýarlamak boýunça beýleki çäreler ýaly esasy düşünjeler ulanylýar. Resminama laýyklykda, sport ýaryşlary geçirilýän derejelerine baglylykda halkara, umumydöwlet, pudaklaýyn, welaýat (Aşgabat we Arkadag şäher), etrap (şäher, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başga) ýaryşlaryna (mundan beýläk – Sebit sport ýaryşlary), şeýle hem bedenterbiýe we sport guramalary tarapyndan geçirilýän ýaryşlara bölünýär. Sport çärelerini, şol sanda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2025-nji ýylyň 29-njy maýynda 1879 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir