Fransiýanyň “Pari Sen-Žermeni” UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalynda Milanyň “Interini” 5:0 hasabynda utdy. 2024/2025 möwsüminiň tamamlanmagy bilen ýaryşyň iň gowy bombardirleri we iň gowy assistentleri (gol pasyny berenler) kesgitlendi. Ýaryşda iň köp gol geçiren oýunçy “Barselonanyň” gyraky hüjümçisi Rafinýa we Dortmundyň “Borussiýasynyň” merkezi hüjümçisi Seru Girassi boldy. Oýunçylaryň ikisi-de 13 gol geçirdi. Braziliýaly winger Rafinýa ýaryşyň iň gowy assistentleriň sanawynda-da birinji orny eýeledi. Onuň hasabynda dokuz netijeli geçirim bar. ÇL-iň iň gowy bombardirleri: Rafinýa (“Barselona”) we Seru Girassi (“Borussiýa”) – 13. Robert Lewandowski (“Barselona”) we Garri Keýn (“Bawariýa”) – 11. Lautaro Martines (“Inter”) – 9. Usman Dembele (“PSŽ”), Erling Holand (“Mançester Siti”) we Winisius Žunior (“Real”) – 8. ÇL-iň iň gowy assistentleri: Rafinýa (“Barselona”) – 9. Usman Dembele (“PSŽ”) – 6. Ýozua Kimmih (“Bawariýa”), Dawide Dzappakosta (“Atalanta”), Ýulian Brandt (“Borussiýa”), Žeremi Frimpong (“Baýer”), Igor Paýşao (“Feýenoord”), Aşraf Hakimi (“PSŽ”), Seru Girassi (“Borussiýa”), Şarl de Ketelare (“Atalanta”) – 5.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir