Meşhur braziliýaly futbolçy Ronaldinýo täze «Rematch» futbol simulýatorynyň ilçisi boldy. Ol oýny döreden studiýanyň edarasyna baryp, simulýatory hut özi synap gördi. Taslamanyň topary Ronaldinýonyň saparyndan wideo paýlaşdy. Wideoda ol oýun baradaky täsirlerini gürrüň berýär. Oýnuň döredijileri meşhur futbolçynyň saparynyň tutuş studiýa üçin örän möhüm waka bolandygyny bellediler. Olaryň sözlerine görä, Ronaldinýo bilen duşuşmak — oýny döretmäge ruhlandyran adama çeken zähmetleriniň miwesini görkezmäge mümkinçilik bolupdyr. «Rematch» oýnunyň awtorlary öň hem oýunda lutbokslaryň (tötänleýin sowgat gutularynyň) ýa-da puluň kömegi bilen ýeňmäge mümkinçilik berýän mehanikalaryň ýokdugyny belläpdi. Oýunda diňe kosmetiki zatlary öz içine alýan battle pass bar. Ronaldinýo 2003-2008-nji ýyllar aralygynda Kataloniýanyň «Barselonasynda» çykyş edipdi. Ol bu klub bilen iki gezek Ispaniýanyň çempionatyny we Superkubogyny, 2006-njy ýylda bolsa Çempionlar ligasyny gazandy. 2005-nji ýylda «Altyn top» baýragyny aldy, 2004-nji we 2005-nji ýyllarda bolsa FIFA tarapyndan dünýäniň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Ol dürli ýyllarda Braziliýanyň «Gremiosynda», «Flamengoda», «Atletiko Mineýroda», «Fluminensede», Fransiýanyň «PSŽ-synda», Italiýanyň «Milanynda», Meksikanyň «Keretarosynda» we beýleki toparlarda çykyş etdi. Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen Ronaldinýo 2002-nji ýylda dünýä çempionatyny gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir