Saud Arabystanynyň çempionatynda 2024/25 möwsümi tamamlandy. Ýaryşyň iň gowy bombardiri “Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu boldy. Ol 30 oýunda 25 gol geçirdi. Snaýperleriň ýaryşynda ikinji orny 23 gol bilen “Al-Ahliden” Aýwan Toni eýeledi. Üçünji orunda 21 gol bilen “Al-Ittihadyň” hüjümçisi Karim Benzema ýerleşdi. “Al-Şababda” çykyş edýän Abderrazak Hamdalla hem şonça gol geçirdi. Belläp geçsek, Ronaldunyň geçiren gollary topara ýaryşda ýeňiji bolmaga kömek etmedi. Çempionatyň ýeňijisi 34 tapgyrda 83 utuk gazanan “Al-Ittihad” boldy. Ikinji orunda – “Al-Hilýal” (75 utuk). “Al-Nasr” soňky tapgyrda “Al-Fatehden” 2:3 hasabynda utulyp, 70 utuk bilen üçünji orny eýeledi. “Al-Nasra” hatda duşenbe güni “Al-Oruba” bilen dawanyň netijesinde goşulan üç utuk hem kömek etmedi. Ol mart aýynda bu topardan 1:2 hasabynda utuldy. Soňra Er-Riýadyň kluby garşydaş toparyň düzüminde hukugy bolmadyk derwezebanyň meýdança çykandygy üçin, oýnuň netijesine nägilelik bildirdi. Netijede, şikaýat kanagatlandyryldy. Ronaldu “Al-Nasra” 2023-nji ýylyň ýanwarynda goşuldy. 40 ýaşly hüjümçi bu topar üçin 105 oýunda 93 gol geçirdi we 19 assist etdi. Şol bir wagtyň özünde, portugaliýaly saud klubunda ýekeje kubok hem gazanmady. Ronaldunyň “Al-Nasr” bilen şertnamasynyň möhleti iýun aýynda tamamlanýar.