Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen şertnama gol çekdi. Gol çekişmek dabarasy 26-njy maýda Doha şäherindäki Al Bidda binasynda ýerleşýän Katar Futbol Assosiasiýasynyň merkezi edarasynda geçirildi. Kataryň Futbol Assosiasiýasynyň adyndan resminama guramanyň prezidenti Jassim bin Raşid Al Buenaýn, türkmen tarapynyň adyndan bolsa Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow gol çekdi. Dabara iki federasiýanyň Baş sekretarlary: Mansur Al-Ansari (Katar) we Serdar Geldiýew (Türkmenistan) hem gatnaşdylar. "Bu şertnama gol çekilmegi TFF-niň Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we Aziýa ýurtlarynyň dostlary bilen gatnaşyklary berkitmek strategiýasyndaky ýene bir möhüm ädim boldy" diýlip, TFF-niň saýtynda aýdylýar.