Raul “Realyň” ýaşlar topary bolan “Kastilýanyň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada klubuň resmi web sahypasynda habar berildi. 47 ýaşly hünärmen topara alty ýyl ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “Kastilýa” 2019/20 möwsüminde UEFA-nyň Ýaşlar ligasynda ýeňiji boldy. Umuman alanyňda, Raul klubuň ulgamynda ýedi ýyl, şol sanda ýetginjekler toparynda bir ýyl işledi. Habar beriş serişdelerinde "Realyň" ady rowaýata öwrülen bu oýunçysynyň özüne esasy topara ýolbaşçylyk etmek mümkinçiliginiň berilmändigi we onuň ýerine Habi Alonsonyň çagyrylandygy üçin lapykeç bolandygy barada ýazylypdy. Insaýderleriň berýän maglumatyna görä, Raula eýýäm iňlisleriň “Lidsinden”, ispanlaryň “Wilýarrealyndan” we nemesleriň “Şalkesinden” teklipler gelip gowuşdy.