Tailanddan 105 ýaşly Sawang Janpram Taýwanda geçirilen Bütindünýä halypalar oýnunda (World Masters Games) dört altyn medal gazandy. Bu barada People neşiri habar berýär. Janpram ýaryşyň iň uly ýaşly we “100 ýaşdan uly” ýaş toparynda ýeke-täk gatnaşyjy boldy, şol sebäpli oňa ýeňiş gazanmak üçin diňe degişli dissiplinalarda ýaryşy tamamlamak ýeterlikdi. Ol naýza we disk zyňmak, 100 m ylgamak we ýadro iteklemek boýunça ýaryşlara gatnaşdy. Bu onuň Bütindünýä halypalar oýnuna ilkinji gezek gatnaşmagy däl. Umuman alanyňda, onuň hasabynda eýýäm 60 medal bar. Türgene ýaryşlarda 73 ýaşly gyzy Siripan janköýerlik etdi, ol hem ýaryşlara gatnaşyp, üç medal aldy. Öň, Janpram mekdep müdiri bolup işledi. Pensiýa çykandan soň, sport bilen gyzyklanyp başlady. “Ol 80 ýaşyna ýetenden soň, köne dostlarynyň köpüsiniň kesel sebäpli aýaga galyp bilmän ýörendiklerini gördi. Şonuň üçin ýeňil atletika bilen meşgullanýan gyzy Siripan bilen sport bilen meşgullanyp başlady” – diýip, çeşme ýazýar. Häzir türgen hepdede 3-4 gezek ylgaýar we her gün öýüniň töwereginde gezelenç edýär. Bütindünýä halypalar oýny dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Olara 30 ýaşdan uly türgenler gatnaşýar. Ýaryşlar uly ýaşda fiziki işjeňligi saklamaga gönükdirilendir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir