“PSŽ” Fransiýanyň Kubogynyň final oýnunda “Reýmsi” utdy. Duşuşyk “Stad de Frans” stadionynda geçirildi we Pariž toparynyň peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy. 16-njy we 19-njy minutlarda Bredli Barkolýa iki gol geçirdi. Üçünji topy tora 43-nji minutda Aşraf Hakimi girizdi. “Pari Sen-Žermen” üçin bu eýýäm 16-njy Fransiýanyň Kubogy boldy – klub bu ýaryşda ýeňiş sany boýunça rekord eýesidir. Topar kubogy yzygider ikinji ýyl aldy. “Reýms” Fransiýanyň Kubogynyň iki gezek eýesidir. Soňky gezek klub 1957/58 möwsüminiň ýaryşynda ýeňiji boldy. “PSŽ” indiki oýnuny 1-nji iýuna geçilýän gije Çempionlar ligasynyň finalynda oýnar. Topar Milanyň “Interi” bilen duşuşar. Oýunda Mýunhende geçer.