Argentinanyň milli ýygyndysynyň we “Inter Maýami” amerikan klubunyň hüjümçisi Lionel Messi Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan futbol taryhynda iň gowy oýunçy diýlip ykrar edildi. IFFHS boýunça taryhda iň gowy 10 futbolçy: Lionel Messi (Argentina) Pele (Braziliýa) Diego Maradona (Argentina) Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa) Ýohan Kruiff (Niderlandlar) Ronaldo (Braziliýa) Zinedin Zidan (Fransiýa) Frans Bekkenbauer (Germaniýa) Alfredo Di Stefano (Argentina/Ispaniýa) Ronaldinýo (Braziliýa) Messi “Altyn topuň” sekiz gezek eýesidir. Ol “Barselonanyň” düzüminde Çempionlar ligasynda dört gezek ýeňiji boldy. Şeýle-de, Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony boldy (2022) we Amerikanyň Kubogynda iki gezek ýeňiş gazandy (2021, 2024). Ol 2008-nji ýylyň Olimpiadasynyň hem ýeňijisidir. Sanawda ikinji orny eýelän braziliýaly Pele – taryhda oýunçy hökmünde üç gezek dünýä çempiony bolan (1958, 1962 we 1970-nji ýyllar) ýeke-täk futbolçy. Ol futbol taryhynda iň köp gol geçiren türgendir – 1281. Täze sanawda üçlügi meşhur argentinaly Diego Armando Maradona jemleýär. Ol 1986-njy ýylyň dünýä çempiony we dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň gowy gol diýlip ykrar edilen “Ýüzýyllygyň golunyň” awtorydyr. Bu goly ol DÇ-1986-da Angliýanyň derwezesine girizdi. Ronaldu “Altyn topy” bäş gezek aldy. Ol 2016-njy ýylda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir