SSSR-iň milli ýygyndysynyň we Moskwanyň “Dinamosynyň” öňki derwezebany Lew Ýaşin Futbol taryhy we statistikasy halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan futbol taryhynda iň gowy derwezeban diýlip ykrar edildi. IFFHS boýunça futbol taryhynda iň gowy 10 derwezeban: Lew Ýaşin (SSSR) Janluiji Buffon (Italiýa) Manuel Noýer (Germaniýa) Iker Kasilýas (Ispaniýa) Gordon Benks (Angliýa) Petr Çeh (Çehiýa) Dino Dzoff (Italiýa) Zepp Maýer (Germaniýa) Rikardo Zamora (Ispaniýa) Oliwer Kan (Germaniýa) Lew Ýaşin professional oýun karýerasyny Moskwanyň “Dinamosynda” geçirdi. Ol häzire çenli taryhda “Altyn topa” mynasyp bolan (1963) ýeke-täk derwezeban bolup galýar. Onuň bilen bilelikde SSSR-iň milli ýygyndysy 1956-njy ýylyň Olimpiýa ýaryşynda, 4 ýyldan soň bolsa Ýewropanyň çempionatynda ýeňiji boldy. Meşhur derwezeban 1990-njy ýylda 60 ýaşynda aradan çykdy.