Italiýaly türgen, Olimpiýa çempiony Massimo Stano 35 km-lik sport ýörişinde dünýä rekordyny goýdy. Çehiýada geçirilen Ýewropanyň toparlaýyn çempionatynda ol bu aralygy 2 sagat 20 minut 43 sekuntda geçdi. Şeýlelikde, Stano 2006-njy ýylda 2 sagat 21 minut 31 sekunt netijäni görkezen russiýaly Wladimir Kanaýkiniň üstünligini täzeledi. Şol bir wagtyň özünde russiýaly türgeniň netijesi zerur şertleriň berjaý edilmändigi sebäpli Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara assosiasiýasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmedi, ýöne türgen guramanyň saýtynda bu aralykda iň gowy netijäniň eýesi hökmünde görkezildi. Resmi rekord kanadaly Ewan Danfä degişli bolup, 2025-nji ýylyň mart aýynda goýuldy – 2 sagat 21 minut 40 sekunt. 33 ýaşly Stano 20 km ýörişde Tokioda geçirilen Olimpiadanyň altyn medalynyň eýesidir. Bir ýyldan soň, 2022-nji ýylda ol 35 km ýörişde dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir