“Barselona” Ispaniýanyň çempionatynda möhletinden öň ýeňiji boldy. La Liganyň 36-njy tapgyrynyň myhmançylykda geçirilen oýnunda topar “Espanýoly” 2:0 hasabynda utdy. Duşuşygyň 53-nji minutynda Lamin Ýamal gol geçirdi, goşulan wagtyň 6-njy minutynda bolsa Fermin Lopes tapawutlandy. 80-nji minutda “Espanýolyň” goragçysy Leandro Kabrera Ýamala garşy urgy ulanandygy üçin meýdançadan çykaryldy. Netijede, topar oýny azlykda tamamlady. Çempionatyň gutarmagyna iki tapgyr galanda öňdebaryjy “Barselonanyň” hasabynda 85 utuk bar. Topar ikinji orunda gelýän Madridiň “Realy” üçin yzyndan ýetmezek boldy. Bu klublaryň arasynda ýedi utuk tapawut bar. “Barselona” üçin bu Primerde 28-nji çempionlyk boldy. Bu görkeziji boýunça klub diňe “Realdan” (36) yza galýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir