UFC-niň rus-ermeni söweşijisi Arman Sarukýan ýeňil agramda Bellator-yň öňki çempiony braziliýaly Patriki Freýre bilen duşuşar. Söweş 31-nji maýda Moskwada ADXC 10 ýaryşynyň çäklerinde geçer we agşamyň esasy wakasy bolar. Tutluşyk aralyk agram derejesinde bolar. ADXC 10 Russiýanyň paýtagtynda geçiriljek greppling boýunça ilkinji ýaryş bolar. Belläp geçsek, Arman Sarukýan 28 ýaşynda. Ol garyşyk başa-baş söweşde 22 ýeňiş gazandy we üç gezek ýeňlişe sezewar boldy. 2-nji maýda geçirilen Karate Kombat ýaryşynda ol greppling boýunça tutluşykda russiýaly Makkaşarip Zaýnukowy emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňdi. Patriki Freýre 39 ýaşynda. Onuň hasabynda MMA-da 25 ýeňiş we 14 ýeňliş bar.