4-nji maýda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Sport — parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewi» atly 3600 metr aralyga ylgamakda sport marafony geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guran bu çäresi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň başlangyjy bilen geçirildi. Oňa 550-den gowrak adam işjeň gatnaşdy. Aşgabadyň Bitarap Türkmenistan şaýolundan “Arkadag” binasyna eltýän Bagtyýarlyk köçesiniň ugrunda marafona badalga berilmegi mynasybetli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Uzak aralyga ylgamak boýunça ýaryşa 10 adamdan ybarat eminler gözegçilik etdi. Belli-belli nokatlarda eli baýdakly ýol görkezijiler durup, ýaryşa gatnaşyjylary barmaly ýerlerine ugrukdyrdylar. Marafona gatnaşyjylar “Arkadag” binasynyň, “Aşgabat” köpugurly stadionynyň, “Aşgabat” myhmanhanasynyň hem-de “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň daşyny gurşap alýan Bagtyýarlyk köçesiniň ugry bilen ylgap geçdiler. Marafon ýaryşynyň netijeleri oňa gatnaşanlaryň arasynda kesgitlenildi. Şunda talyp gyzlaryň arasynda 14 minut 33,8 sekunt wagt bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby E.Esedowa, talyp oglanlaryň arasynda 9 minut 22 sekunt wagt bilen Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby P.Babanyýazow ýeňiji boldular. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň arasynda, degişlilikde, W.Baýowa hem-de S.Saparow birinji bolup gelmegi başardylar. Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdebiň okuwçysy A.Seýdullaýewa bilen 74-nji orta mekdebiň okuwçysy O.Orazmyradow bolsa mekdep okuwçylarynyň arasynda pellehanadan birinji bolup geçip, ýeňiş gazandylar. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.