Türkmen agyr atletikaçylary 30-njy aprel - 5-nji maý aralygynda Perunyň paýtagty Lima şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Didarbek Jumabaýew 81 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy. Ol agyrlygy götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 305 kg (birbada 137 kg + itekläp168 kg) netije görkezdi. Şu agramda ukrainaly türgen Sergeý Kotelewskiý 314 kg (142 + 172) netije bilen, altyn medala mynasyp boldy. Üçünji orny eýelän latwiýaly agyr atletikaçy Maksim Wasilonoks 297 kg (136 kg + 161 kg) netije görkezdi. Kakamyrat Annamyradow 73 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, agyrlygy götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 290 kg netije (birbada 130 kg + itekläp160 kg) görkezdi. Şu agramda müsürli pälwan Metwally Hüseýin Abdelrahman 306 kg (141 kg + 165 kg) netije bilen, altyn medala mynasyp boldy. Üçünji orny eýelän gazagystanly agyr atletikaçy Ýernur Myrzahmet 286 kg (131 kg + 155 kg) netije görkezdi. Yslam Akmyradow 96 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, silterläp götermekde 141, itekläp götermekde 175 we iki görnüşiň jemi boýunça 316 kilogram netije bilen ikinji orny eýeledi. Bu agramda birinji ýer ermenistanly Grigor Gazarýana (silterläp götermekde 145 kg, itekläp götermekde 185 kg, jemi 330 kg), üçünji orun bolsa hindistanly Parw Çaudhara (silterläp götermekde 140 kg, itekläp götermekde 175 kg, jemi 315 kg) nesip etdi. Gyzlaryň arasynda Ogulşat Amanowa 55 kilograma çenli agram derejede 101 kg agyrlygy göterip, bürünç medal aldy. Agyrlygy götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça ol 180 kg netije görkezdi. Bu ýaryşda altyn medaly filippinli Jodi Peralta (188 kg), kümüş medaly bolsa wýetnamly I Tho (183 kg) aldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir