Amerikaly suwda ýüzüji Grethen Uolş 100 metr aralyga batterflýaý usulynda ýüzmekde bir günde iki gezek dünýä rekordyny goýdy. Ol Fort-Loderdeýlde (ABŞ-nyň Florida taty) geçirilen ýaryşda deslapky ýüzüşde 55,09 sekunt netijäni görkezdi. Finalda bolsa öz netijesini 54,60 sekunta çenli gowulaşdyrdy. Öňki dünýä rekordy hem amerikala degişli bolup, 55,18 sekuntdy. Uolş 22 ýaşynda. Ol 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda iki altyn we iki kümüş medal gazandy. Şeýle-de, onuň hasabynda 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň altyn, kümüş we bürünç medallary bar. 2024-nji ýylda gysga suwda ýüzmek boýunça dünýä çempionatynda Uolş ýedi altyn medal gazanyp, dokuz dünýä rekordyny goýdy.