26-nji aprelde Ispaniýanyň Kubogynyň finalynda “Barselona” bilen “Real” duşuşar. Oýun Sewilýadaky “La Kartuha” stadionynda geçiriler. Ýarymfinalda Karlo Ançelottiniň topary “Real Sosýedady” (1:0, 4:4) ýeňip, finala çykdy, “Barselona” bolsa Hansi Flikiň ýolbaşçylygynda “Atletikony” (4:4, 1:0) ýeňip geçdi. Şu möwsümde “Barselona” bilen “Real” iki gezek duşuşdy we iki duşuşykda-da katalon kluby ýeňiş gazandy. Ispaniýa çempionatynda “Barselona” 4:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, Superkubogyň finalynda bolsa 5:2 hasaby bilen utupdy. “Barselona” Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygyna çykmak boýunça rekordy täzeledi. Katalon kluby 43-nji gezek finala çykdy. Bu görkeziji babatda ol “Realdan” iki, “Atletik Bilbaodan” bolsa üç final köpdür. Katalon kluby bu Kubogy 31 gezek gazanypdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir