Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 64 topara ýetirmek mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada The New York Times habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, şeýle bir gezeklik üýtgeşme dünýä çempionatynyň ýüzýyllygyna bagyşlanyp bilner. Teklip eýýäm FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň ünsüni özüne çekdi. 2030-njy ýyldaky ýaryş alty ýurtda geçiriler. Ýaryşyň esasy ýer eýeleri Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko bolar. Ilkinji üç oýny Argentina, Paragwaý we Urugwaý kabul eder. Çempionat ilkinji gezek dürli yklymda geçer. Indiki dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýuly aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada 48 toparyň gatnaşmagynda geçiriler – bu eýýäm toparlaryň rekord sanydyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir