UEFA 2023/24 möwsümde oýunçylaryň aýlyk haklary üçin iň köp pul sarp edýän klublary, şeýle hem iň gymmat düzümli klublary atlandyrdy. UEFA-nyň hasabatyna görä, geçen möwsüm “PSŽ” Ýewropa klublarynyň arasynda aýlyk üçin iň köp pul - 658 million ýewro sarp edipdir. Iň köp pul sarp edenleriň arasynda Angliýadan alty klub, Ispaniýadan iki we Germaniýadan bir klub bar. “PSŽ” – 658 mln ýewro “Mançester Siti” – 554 mln “Real” – 505 mln “Barselona” – 476 mln “Liwerpul” – 449 mln “Bawariýa” – 430 mln “Mançester Ýunaýted” – 429 mln “Çelsi” – 395 mln “Arsenal” – 381 mln “Aston Willa” – 292 mln Ýokarda gürrüň, esasan, aýlyk haklary barada gidýär. 2024-nji maliýe ýylynyň ahyrynda iň gymmat düzümi bolan topar Londonyň “Çelsisi” boldy. UEFA-nyň hasabatyna görä, "Çelsi" häzirki toparyny ýygnamak üçin 1,66 milliard ýewro sarp edip, bu taryhda iň ýokary görkeziji boldy. “Çelsi” “Realyň” 2020-nji ýyldaky rekordyny täzeledi (1,33 milliard). Ýene üç iňlis kluby öz toparlaryna milliard ýewrodan gowrak pul sarp etdi. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli iň gymmat 20 toparyň 9-sy Angliýanyň klublary tarapyndan ýygnaldy. “Çelsi” – 1,66 mlrd ýewro “Mançester Siti” – 1,3 mlrd “Mançester Ýunaýted” – 1,096 mlrd “Arsenal” – 1,024 mlrd “Real Madrid” – 922 mln “PSŽ” – 911 mln “Liwerpul” – 869 mln “Tottenhem” – 809 mln “Ýuwentus” – 735 mln “Inter” – 622 mln “Aston Willa” – 584 mln “RB Leýpsig” – 559 mln “Bawariýa” – 549 mln “Nýukasl Ýunaýted” – 541 mln “West Hem” – 477 mln “Barselona” – 474 mln “Napoli” – 443 mln “Milan” – 380 mln “Atletiko” – 378 mln “Roma” – 357 mln

Sport, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir