2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynyň arakesmesinde Superbouldaky (ABŞ-nyň Milli futbol ligasynyň finaly) ýaly doly derejeli şüweleň geçiriler. Bu barada Instagram-da FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino habar berdi. “Men futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynyň arakesmesinde taryhda ilkinji şüweleňiň geçiriljekdigini tassyklap bilerin. Bu futbol boýunça dünýä çempionaty üçin taryhy pursat bolar” – diýip, Infantino ýazdy. Dünýä çempionatynyň jemleýji oýny 2026-njy ýylyň 19-njy iýulynda Ist-Rezerforddaky (Nýu-Jersi ştaty, ABŞ) MetLife stadionynda geçiriler. Infantinonyň aýtmagyna görä, şüweleňiň guramaçylyk işine Coldplay toparynyň frontmeni Kris Martin we menejer Fil Harwi çekildi. Olar beýleki artistleri saýlamaga kömek eder diýip, BBC Sport habar berýär. Mundan başga-da, Taýms-skwerde ýaryşyň ahyrky uik-endinde uly çäre geçirmek meýilleşdirilýär. Belläp geçsek, häzirki düzgünlere görä, oýnuň iki ýarymynyň arasyndaky arakesme 15 minut dowam edýär. Häzirlikçe guramaçylaryň şüweleňi bu wagt aralygyna nähili ýerleşdirjekdigi belli däl. Superboul ABŞ-da iň köp görülýän sport ýaýlymlarynyň biri hasaplanýar, şu ýyl şüweleňiň hedlaýneri Kendrik Lamar boldy we ol finalyň arakesmesinde öz esasy hitlerini, şol sanda Not Like Us aýdymyny ýerine ýetirdi. Tansçy hökmünde sahnada beýleki meşhur ýyldyzlar, sazandalar, türgenler, şol sanda tennis boýunça Uly tuwulga ýaryşlarynyň 23 gezek ýeňijisi Serena Uilýams çykyş etdi. 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda üç ýurtda: ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ýaryşa ilkinji gezek 48 topar gatnaşar.