Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2025-nji ýylyň futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylara baýrak hökmünde 1 mlrd dollar tölär. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Bu dünýäniň klub futbolynyň taryhynda iň uly pul baýragydyr. “Ýaryşdan alnan ähli girdeji gatnaşýan klublaryň arasynda we bütin dünýä boýunça raýdaşlyk tölegleri hökmünde paýlanar. FIFA bir dollary-da özüne alyp galmaz. FIFA-nyň dünýä futbolyny ösdürmek üçin niýetlenen ätiýaçlyklary eldegrilmesiz galar” – diýip, guramanyň prezidenti Janni Infantino belledi. BBC-niň maglumatlaryna görä, rekord baýrak gaznasy dekabr aýynda DAZN ýaýlym hyzmaty bilen baglaşylan şertnamanyň netijesinde mümkin boldy. Şertnama 1 mlrd dollarlyk telewizion hukuklarynyň satylmagyny göz öňünde tutýar. Toparlar bu tölegleri hem toparlaýyn tapgyra gatnaşandygy, hem pleý-offda gazanan üstünlikleri üçin alar. Klublaýyn dünýä çempionaty 2025-nji ýylyň 15-nji iýunyndan 13-nji iýuly aralygynda ABŞ-da geçer. Şu ýyl ýaryş ilkinji gezek täze görnüşde geçiriler. Öň, bu ýaryş her ýyl geçirilýärdi we oňa iň gowy ýedi topar gatnaşýardy. Täze düzgünlere görä, ýaryşa 32 topar gatnaşar we ol her dört ýyldan bir gezek geçiriler.