Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýunlarynda “Liwerpul” myhmançylykda “Pari Sen-Žermeni” (1:0) bary-ýogy iki urgy bilen utdy, “Barselona” bolsa on oýunçy bolup “Benfikadan” üstün çykdy. Agşamyň esasy gapma-garşylygy Parižde geçirilen Fransiýanyň we Angliýanyň çempionatlarynyň liderleriniň arasyndaky duşuşyk boldy. “PSŽ” 40:7 gol tapawudy bilen yzygider on ýeňiş gazanyp, oýna ynamly girişdi. “Liwerpul” Angliýanyň premýer-ligasynda öňdebaryjy bolup, Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň iň gowy topary hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, “Stad de Frans” stadionynda Pariž kluby öz garşydaşyndan has işjeň boldy. Ol “Liwerpulyň” derwezesine 27 gezek top depdi, ýöne olaryň hiç biri-de gola getirmedi. Oýnuň birinji ýarymynda Hwiça Kwarasheliýanyň goly ofsaýd sebäpli ýatyryldy. “Liwerpul” bary-ýogy iki gezek urgy depdi, ýöne bu ýeterlik boldy – 87-nji minutda Harwi Elliot gol geçirdi. Agşamyň “Barselona” bilen “Benfikanyň” arasyndaky oýny hem howsalaly boldy – “Barselona” “Benfikany” 1:0 hasabynda utdy. Eýýäm 22-nji minutda kataloniýalylar on bolup galdy – merkezi goragçy Pau Kubarsi gyzyl duýduryş aldy. Muňa garamazdan, 61-nji minutda Rafinýa portugal toparynyň derwezesine gol saldy. Ýene bir oýunda Italiýanyň “Inter” topary myhmançylykda Niderlandlaryň “Feýenoordyny” Markus Týuramyň we Lautaro Martinesiň gollary bilen utmagy başardy (2:0). Mýunheniň “Bawariýasy” bolsa 3:0 hasabynda Lewerkuzeniň “Baýerinden” üstün çykdy: Garri Keýn iki gol geçirdi, ýene bir goly öz hasabyna Jamal Musiala ýazdy. Bu toparlaryň jogap oýunlary 11-nji martda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir