Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde, 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Külli ynsan hakyna belent maksat tutany — Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!» atly şygyr we makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugynda habar berdiler. Bäsleşige awtoryň öň hiç ýerde çap edilmedik 1 şygry ýa-da makalasy hödürlenip bilner. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän awtor baradaky maglumatlar makalanyň ahyrynda doly görkezilmeli. Hödürlenilýän şygyr ýa-da makala awtoryň okuw mekdebiniň salgysyndan ýa-da şahsy elektron salgysyndan «Güneş» žurnalynyň (gunesh_tm@sanly.tm) ýa-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (turkmenuniwersitetitdu@gmail.com) elektron salgysyna iberilmeli. Materiallar 2025-nji ýylyň 17-nji fewralyndan 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli kabul edilýär. Bäsleşigiň netijeleri baradaky maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi web saýtynda (tdu.edu.tm) ýerleşdirilýär. Şygyr we makala bäsleşiginiň jemi boýunça Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bellenilýär. Ýeňijiler 2025-nji ýylyň maý aýynyň birinji ongünlüginde yglan edilip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň Hormat hatlary hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan sowgatlar bilen sylaglanylýar. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 38-61-70.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir