Opta Sports superkompýuteri Çempionlar ligasynyň ýeňiş gazanmak ähtimallygy ýokary bolan toparlaryny kesgitlemäge synanyşdy. Häzirki günde kubok üçin esasy dalaşgär “Liwerpul” hasaplanýar. Onuň ýeňiş gazanmak ähtimallygy 24,6%-e deň. Çaklamada onuň yzyndan uly aratapawut bilen “Arsenal” we “Inter” gelýär. Ýaryşyň umumy toparlaýyn tapgyryny ikinji orunda tamamlan “Barselonanyň” mümkinçiligini bolsa superkompýuter 9,5% diýip hasaplady. Ýeňiş gazanmaga ýakyn toparlaryň onlugy şeýle görnüşde: “Liwerpul” – 24,6% “Arsenal” – 16,6% “Inter” – 14,5% “Barselona” – 9,5% “PSŽ” – 6,3% “Real” – 4,4% “Atletiko” – 3,9% “Baýer” – 3,7% “Atalanta” – 3,5% “Mançester Siti” – 3,2%. Ýatlap geçsek, Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň ilkinji oýunlary 12-nji we 13-nji fewrala geçilýän gije (Aşgabat wagty bilen) geçiriler. Jogap oýunlary 19-njy we 20-nji fewrala geçilýän gije bolar. Titulyň häzirki eýesi Madridiň “Realydyr”. Ol finalda Dortmundyň “Borussiýasyny” 2:0 hasabynda utupdy.