Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti mekdep okuwçylaryny «Ýaş zehinli matematikler» diýen at bilen geçiriljek matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Her mekdepden gatnaşjaklaryň sany çäklendirilmeýär. Olimpiadada Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synplarynyň okuwçylary çykyş edip bilerler. Ýokary synp okuwçylar üçin niýetlenilen intellektual bäsleşik iki tapgyrda geçiriler. Olimpiadanyň birinji tapgyry 5-nji martda sagat 10:00-da onlaýn görnüşde test arkaly geçiriler. Bäsleşigiň birinji tapgyryny üstünlikli geçen ýaş matematikler 25-nji martda sagat 10:00-da nebitgaz ýokary okuw mekdebinde geçiriljek ikinji tapgyrda duşuşarlar. Gatnaşyjylar üçin ýumuşlar uniwersitetiň ýokary matematika kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan mekdep maksatnamasy göz öňünde tutulyp taýýarlanylar. Şol mugallymlar hem bäsleşijileriň işlerine baha bererler. Olimpiadanyň ikinji, jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara baý medeni maksatnama garaşýar, onuň çäklerinde gyzykly duşuşyklar we gezelençler bolar. Olimpiada gatnaşmak isleýän okuwçylaryň bellige alnyşy 3-nji marta çenli dowam eder. Gatnaşmaga haýyşnama bermek üçin okuwçylar hem-de olaryň mugallym-ýolbaşçylary bellige alyş namasyny dolduryp, ony guramaçylyk toparynyň hngu.olimp@gmail.com diýen elektron salgysyna ibermelidir. Olimpiadanyň netijeleri 26-njy martda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary merkeziniň mejlisler jaýynda yglan ediler. Ýeňijiler we baýrak eýeleri ýokary okuw mekdebiň Hormat hatlary we Diplomlary bilen sylaglanarlar. Olimpiadanyň guramaçylyk toparynyň çözgüdiniň esasynda has ýokary netijeleri görkezen ýeňijilere Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine okuwa girmekde ýeňillikler berler. Goşmaça maglumatlary: +993 12-39-14-09, +993 65-53-20-86, +993 65-57-57-56 telefon belgilerine jaň edip, şeýle hem ýokarda görkezilen elektron salgy boýunça habarlaşyp alyp bolar.