Halkara konsalting kompaniýasy Deloitte futbol klublarynyň girdejileri barada ýyllyk hasabatyny hödürledi. 2023/24 möwsüminiň jemi boýunça Madridiň “Realy” birinji orny eýeläp, möwsümdäki girdejisi 1 mlrd ýewrodan geçen taryhda ilkinji klub boldy – 1,046 mlrd ýewro. “Realyň” girdejisi täzelenen “Santýago Bernabeu” stadionynda oýun geçirmekden gelýän girdejiniň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr. Hasabata görä, girdeji geçen möwsüm bilen deňeşdirilende 103% ýokarlandy. Reýtingiň ikinji ornunda “Mançester Siti” (838 mln ýewro), üçünji ornunda “Pari Sen-Žermen” (806 mln) ýerleşýär. Şeýle-de, ilkinji onluga şu aşakdakylar girdi: ·“Mançester Ýunaýted” (771 mln) ·“Bawariýa” (765 mln) ·“Barselona” (760 mln) ·“Arsenal” (717 mln) ·“Liwerpul” (715 mln) ·“Tottenhem” (615 mln) ·“Çelsi” (546 mln) Reýtingdäki 20 klubuň umumy girdejisi rekord 11,2 mlrd ýewro boldy, bu geçen möwsüm bilen deňeşdirilende 6% köpdür.