Transfermarkt Italiýanyň Seriýa A ligasynyň oýunçylarynyň transfer bahasyny täzeledi we liganyň iň gymmat futbolçylaryndan simwolik topary düzdi. Şeýle toparyň umumy bahasy 720 mln ýewro boldy. Transfermarkt boýunça Italiýanyň çempionatynyň simwolik ýygyndysy: Derwezeban: Mik Menýan (“Milan”) – 35 mln ýewro. Goragçylar: Federiko Dimarko (“Inter”) – 60 mln ýewro, Alessandro Bastoni (“Inter”) – 75 mln ýewro, Bremer (“Ýuwentus”) – 60 mln ýewro. Ýarymgoragçylar: Nikolo Barella (“Inter”) – 80 mln ýewro, Ederson (“Atalanta”) – 50 mln ýewro, Teýani Reýnders (“Milan”) – 50 mln ýewro, Kristian Pulişiç (“Milan”) – 50 mln ýewro. Hüjümçiler: Hwiça Kwarasheliýa (“Napoli”) – 85 mln ýewro, Markus Týuram (“Inter”) – 75 mln ýewro, Lautaro Martines (“Inter”) – 100 mln ýewro. Düzümde “Interiň” wekilleri agdyklyk edýär. Gymmaty taýdan öňdebaryjy Lautaro Martines (100 mln ýewro) boldy. Häzirki wagtda Seriýa A-nyň ýaryş jedwelinde birinji orny 16 oýunda 37 utuk ýygnan “Atalanta” eýeleýär. Ikinji orunda “Napoli” (35) gelýär. Üçünji orunda gelýän 34 utukly “Interiň” ätiýaçda ýene bir oýny bar.