“Mançester Ýunaýtediň” 20 ýaşly argentinaly ýarymgoragçysy Alehandro Garnaço geçen möwsümiň jemi boýunça iň gowy gol üçin Puşkaş baýragyny aldy. Baýrak oňa sişenbe güni Kataryň Doha şäherinde geçirilen The Best FIFA Football Awards 2024 dabarasynda gowşuryldy. FIFA Garnaço bu baýragy “MÝ-niň” düzüminde 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Angliýanyň Premýer-ligasynyň oýnunda “Ewertonyň” derwezesine geçiren goly üçin berdi. Argentinaly oýnuň üçünji minutynda uçup gelýän topy depip, üstaşyr gol saldy. Şol duşuşykda “gyzyl arwahlar” 0:3 hasabynda utdy. Garnaçonyň goly Kriştianu Ronaldunyň 2018-nji ýylda Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalynda “Realyň” “Ýuwentusa” garşy oýnunda salan goly bilen deňeşdirilýär. Gyzykly ýeri, Garnaço öz goluny portugaliýaly futbolçynyň stilinde baýram etdi. Belläp geçsek, Garnaço Puşkaş baýragyna mynasyp bolan ikinji argentinaly boldy. Birinjisi 2020/21 möwsüminde “Tottenhem” üçin “Arsenalyň” derwezesine “rabona” (atanaklaýyn urgy) usuly bilen gol salan Erik Lamelady. Puşkaş baýragyna 2023-nji ýylyň awgustyndan 2024-nji ýylyň awgusty aralygynda dünýä boýunça professional futbolçylar tarapyndan salnan gollar dalaş etdi. Iň gowy gol FIFA-nyň saýtynda ulanyjylaryň ses bermegi netijesinde saýlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir