Germaniýanyň Bundesligasynyň 11-nji tapgyrynyň çäklerinde “Bawariýa” bilen “Augsburg” toparlary duşuşdy. Oýun “Arena Mýunhende” geçirilip, “Bawariýanyň” peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy. Oýnuň esasy emini Daniel Şlager boldy. “Bawariýanyň” angliýaly hüjümçisi Garri Keýn bu oýunda öz hasabyna het-trik ýazdy. Indi oýunçynyň hasabynda Bundesligada 50 gol bar, bu görkezijä ol 43 oýnuň dowamynda ýetdi. Şeýlelikde, Keýn norwegiýaly Erling Holanddan 50 goly çalt geçirip, Bundesliganyň täze rekordyny goýdy. Holand Dortmundyň “Borussiýasynyň” düzüminde bu görkezijä 50 oýunda ýetipdi. “Bawariýa” nemes Bundesligasynyň ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär. Topar 11 oýunda 29 utuk gazandy. Indiki tapgyrda Mýunhen kluby Dortmundyň “Borussiýasy” bilen duşuşar (30-njy noýabr).

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir