Aşgabatda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşy badalga aldy. Ýaryşa gatnaşyjylary Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlady. Döwlet Baştutany gutlagynda bu ýaryşyň sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, tennis boýunça ýaş türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýandygyny belledi. "Biz ýurdumyzda sportuň tennis görnüşini ösdürmäge uly üns berýäris, bu ugurda amatly şertleri we mümkinçilikleri döredýäris. Ýakynda bolsa Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň “Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi” diýlip yglan edilmegi hem-de degişli güwänamanyň gowşurylmagy uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda tennis boýunça milli ýaryşlar yzygiderli geçirilýär, ýaş tennisçilerimiz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Şu halkara ýaryşyň hem Diýarymyzda sportuň tennis görnüşiniň ösdürilmegine uly itergi berjekdigine ynanýaryn" diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Öň habar berşimiz ýaly, ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, onuň ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy. Halkara ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere ýadygärlik sowgatlaryň, Halkara Tennis federasiýasynyň medallarynyň we şahadatnamalarynyň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar.