Ýeňil agramda UFC-niň çempiony Islam Mahaçew 18-nji ýanwarda Los-Anjelesde geçiriljek UFC 311 ýaryşynda Arman Sarukýana garşy titul goragyny geçirer. Bu barada Abdulmanap Nurmagomedow adyndaky garyşyk başa-baş söweş mekdebiniň resmi sosial ulgamlaryna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär. “UFC 311, Los-Anjeles, 18-nji ýanwar. Islam Mahaçew bilen Arman Sarukýan” – diýlip, guramanyň Instagram sahypasynda aýdylýar. Ilkibaşda söweş 26-njy oktýabrda Abu-Dabidäki UFC 308 ýaryşynda geçirilmelidi, ýöne Mahaçewiň eline şikes ýetmegi sebäpli söweşi yza süýşürmeli boldy. Sarukýan 2019-njy ýylyň aprel aýynda UFC Fight Night-de Mahaçew bilen ilkinji söweşinde ýeňlendigi üçin ar almak isleýär. Şol söweş Sarukýanyň UFC-de ilkinji çykyşy bolupdy. Mahaçew emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňdi. 33 ýaşly Mahaçew agram derejesine garamazdan UFC-niň reýtinginde birinji orny eýeleýär. Onuň hasabynda 26 ýeňiş we bir ýeňliş bar. 28 ýaşly Sarukýanyň hasabynda professional derejede geçiren 25 söweşinde 22 ýeňiş bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir