Gazagystanyň paýtagtynda, Žaksylyk Uşkempirow adyndaky garyşyk başa-baş söweş köşgünde 8 – 10-njy noýabrda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Bu abraýly ýaryşa 80 ýurduň wekilleri gatnaşar diýip, Gazagystanyň Sambo federasiýasynyň baş sekretary Ýernazar Beksultanowa salgylanyp, Sputnik.kz habar berýär. Merkezi aragatnaşyk gullugynda geçirilen metbugat maslahatynda Beksultanow dünýä birinjiliginiň hem sport, hem söweş sambosyny öz içine alýandygyny habar berdi. Şeýle-de, bu çempionata “zenanlaryň söweş sambosy” we “körler üçin sambo” ýaly täze dissiplinalar goşulýar. Körler üçin sambo diňe doly kör we gözi sähel görýän türgenler gatnaşar. Olar ýörite tuwulgalarda çykyş eder. Sambonyň her bir görnüşinde dürli agram kategoriýalary göz öňünde tutulyp, bu dürli derejedäki türgenlere halkara derejesinde öz başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik berer. Beksultanow Gazagystanyň geçen ýyl Astanada Aziýa we Okeaniýa çempionatyny geçirmek bilen, sambo boýunça halkara ýaryşlaryny üstünlikli gurnaýjy hökmünde özüni tanadandygyny belledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir