“Ferrari” toparyndan Şarl Lekler “Formula-1” çempionatynyň 19-njy tapgyry bolan ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş Ostiniň ýolunda geçirildi. Lekler dördünji orundan badalga alyp, 56 aýlawy hemmeden çalt geçdi. Ikinji bolup pellehana onuň topardaşy ispaniýaly Karlos Saýns geldi (yza galyş 8,562 sekunt ). Üçlügi häzirki dünýä çempiony, “Red Bull” toparyndan niderlandly Maks Werstappen jemledi (+19,412). ABŞ-nyň Gran-prisiniň netijesi boýunça ilkinji onluga şular girdi: 4. Lando Norris (“Maklaren”, +20,354); 5. Oskar Piastri (“Maklaren”, +21,921); 6. Jorj Rassell (“Mersedes”, +56,072); 7. Serhio Peres (“Red Bull”, +59,072); 8. Niko Hýulkenberg (“Haas”, +1.02,957); 9. Liam Louson (“RB”, +1.10,563); 10. Franko Kolapinto (“Uilýams”, +1.11,979). Ýedi gezek dünýä çempiony, “Mersedesden” britaniýaly Lýuis Hemilton ýaryşyň başynda ýoldan çykdy. “Formula-1” çempionatynyň indiki tapgyry 27-nji oktýabrda Meksikada geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir