13-nji oktýabrda Çikagoda meýjorlar seriýasyndan marafon geçirildi. Professional ylgawçylar üçin esasy hasaplanýan iň uly alty marafon Tokioda, Bostonda, Londonda, Berlinde, Çikagoda we Nýu-Ýorkda geçirilýän marafonlary öz içine alýar. Marafonyň ýeňijileri Rut Çepngetiç we Jon Korir boldy. 2019-njy ýylyň dünýä çempiony Rut Çepngetiç zenanlaryň arasynda geçirilen marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. Öňki dünýä rekordy 2.11:53 bolup, ony Berlin marafonynda Efiopiýadan Tigist Assefa goýupdy. Çepngetiç 2.09:56 netijäni görkezip, rekordy 2 minut tapawut bilen täzeledi we 2 sagat 10 minut görkezijiden çykan ilkinji zenan boldy. Tokio marafonynyň häzirki ýeňijisi bolan Efiopiýadan Sutume Kebede tas 8 minut tapawut bilen ikinji bolup pellehana geldi. Onuň wagty 2.17:32 boldy. 2022-nji ýylyň Arkalaşygyň oýunlarynda 10 000 metre ylgamakda kümüş medalyň eýesi bolan keniýaly Iren Çeptaý marafony ondan 20 sekunt giç tamamlady. Ýatlap geçsek, Rut Çepngetiç Çikago marafonyny üçünji gezek utdy. Öň, ol 2021-nji we 2022-nji ýyllarda ýeňiji bolupdy, geçen ýyl bolsa ikinji orny eýeledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir