ATP reýtinginiň öňki lideri, häzirki wagtda üçünji orny eýeleýän ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras meşhur Sports Illustrated amerikan žurnaly tarapyndan 2024-nji ýylda sportda iň görnükli 50 adamyň sanawyna goşuldy. Sanawda Alkaras bilen birlikde futbolçylar Lionel Messi, Erling Holand we Jud Bellingem, basketbolçy Lebron Jeýms, “Formula-1” ýaryşyna gatnaşyjylar Lýuis Hemilton we Maks Werstappen hem-de gimnastikaçy Simona Baýlz hem bar. Belläp geçsek, Alkaras 21 ýaşynda bolup, “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň dört gezek ýeňijisidir (ABŞ-nyň Açyk çempionaty – 2022, “Wimbledon” – 2023 we 2024, Fransiýanyň Açyk çempionaty – 2024). Şeýle-de, türgen dünýäniň öňki birinji raketkasy we erkekleriň arasynda taryhda dünýä reýtinginiň iň ýaş lideridir. Onuň hasabynda ýekelikde 15 ATP ýaryşy we 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir