Mýunheniň “Bawariýasy” 2024/2025 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynda Zagrebiň “Dinamosyndan” 9:2 hasabynda üstün çykdy. Oýun “Arena Mýunhende” geçirildi we netije ýaryşyň taryhynda rekord boldy – mundan öň hiç bir topar bir oýunda 9 gol geçirmändi diýip, Opta Franz habar berýär. Topar üstünlikleri: “Bawariýa” esasy ýewrokubok ýaryşynyň bir oýnunda dokuz gol geçiren ilkinji topar boldy. Gol bilen Maýkl Olise (iki gol), Rafael Gerreýru, Leon Goreska we Leroý Zane tapawutlandy. Galan 4 goluň ählisini angliýaly Harri Keýn öz hasabyna ýazdy. Harri Keýniň rekordlary: Poker: Harri Keýn soňky 33 ýylda Çempionlar ligasynyň bir oýnunda 4 gol girizen ilkinji iňlis futbolçy boldy. Angliýalylaryň arasynda gol boýunça rekord: Bu oýunda Keýniň dördünji goly onuň üçin Çempionlar ligasynda 33-nji boldy, bu hem oňa Ueýn Runiden (30 gol) öňe geçip, ýaryşyň taryhynda iň gowy angliýaly bombardir bolmaga mümkinçilik berdi. “Ueýn Runi bilen bir hatarda ýatlanmak – bu üstünligiň alamaty. Gürrüň Angliýanyň iň görnükli futbolçylarynyň biri barada gidýär. Bu meniň üçin ajaýyp üstünlik” – diýip, UEFA-nyň resmi saýty Keýniň sözlerini getirýär. Penaltiden gol girizmek boýunça rekord: Keýn dört goluň üçüsini penaltiden girizdi, bu hem özboluşly üstünlik hasaplanylýar – öň hiç bir oýunça Çempionlar ligasynyň bir oýnunda üç 11 metrlik urgyny üstünlikli geçirmek başartmandy diýip, Opta Sport ýazýar. Harri Keýn 2023-nji ýylyň tomsunda “Tottenhemden” “Bawariýa” geçenden soň gowy netijeleri görkezmegini dowam etdirýär. Futbolçy ähli ýaryşlarda Mýunhen klubunyň düzüminde 50 oýunda 53 gol belligine ýetdi. 31 ýaşly hüjümçi nemes Bundesligasynda 40 gol, Çempionlar ligasynda 12 gol we Germaniýanyň Kubogynda ýene bir gol geçirdi. Şeýle-de, bu duşuşyklarda Keýn 15 netijeli geçirim bilen tapawutlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir