38 ýaşly amerikaly welosipedçi Lael Uilkoks 108 gün 12 sagat 12 minutda welosipedde dünýä syýahatyny tamamlap, zenanlaryň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada BBC habar berýär. Bu döwürde Uilkoks 29 169 km aralygy geçdi. Ol 28-nji maýda Çikagodan ugrap, 12-nji sentýabrda yzyna gaýdyp geldi. Welosipedçi dört yklymda 21 ýurduň üstünden geçdi. Syýahat wagty Uilkoks her gün 12-14 sagady ýolda geçirip, günde 6-10 müň kaloriýa ýakdy. Indi onuň üstünligini Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba almak meýilleşdirilýär, çünki ol ähli talaplara laýyk gelýär: welosipedde geçilen iň az aralyk – 28 970 km; dünýä syýahatyny bir ýerde başlap, şol ýerde tamamlamaly; syýahatyň dowamynda diňe bir ugra hereket etmeli; welosipedçi tarapyndan geçilen ýol, şol sanda uçuşlar, şeýle-de deňiz we beýleki jemgyýetçilik ulaglarynda gezelençler 40 müň km – Ýeriň ekwatoryna deň bolmaly. Öňki rekord 2018-nji ýylda 15 ýurduň üstünden geçen 44 ýaşly şotlandiýaly Jenni Greme degişlidir. Ol öz syýahatyna Berlinde başlady we Germaniýanyň paýtagtyna 124 gün 10 sagat 50 minutdan soň gaýdyp geldi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir