16-njy sentýabrda Aşgabatda tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş badalga aldy. "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegien görä, ýaryşa Aşgabat, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan 113 türgen gatnaşýar. Gatnaşyjylar 13 ýaşynda bolup, olaryň 59-sy oglan we 54-si gyz. Ýaryş «Aşgabat» köpugurly stadionynyň tennis meýdançalarynda geçirilýär. 39 ýaşly milli emin, halkara «Level 1» tälimçilik derejeli Ýewgeniý Molçanowyň baş eminliginde ýekelikde, jübütlikde we garyşyk ugurlarda Kubok ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri kesgitlener. Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş ýylyň iň möhüm ýaryşlaryň biridir, onuň netijesi boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzümi kesgitlener. Ýaryş 22-nji sentýabrda tamamlanar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir