Saud Arabystanynyň çempionatynyň üçünji tapgyrynyň “Al-Ahli” bilen oýny (1:1) başlamazdan öň “Al-Nasr” futbol kluby hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa 900 belgili we GOAT (Greatest of all time – “taryhda iň beýik”) ýazgyly köýnekçäni sowgat etdi. Bu barada championat.com habar berýär. UEFA-nyň Milletler ligasynyň 1-nji tapgyrynyň Horwatiýa bilen oýnunda 39 ýaşly futbolçy gol bilen tapawutlandy, bu gol hem onuň üçin karýerasynda 900-nji boldy. Ronaldu resmi oýunlarda 900 gol geçiren taryhda ilkinji futbolçy boldy. UEFA-nyň Milletler ligasynyň 2-nji tapgyrynyň Şotlandiýa bilen oýnunda (2:1) portugaliýaly karýerasynda 901-nji goluny geçirdi. Şeýlelikde, Ronaldu “Sporting” üçin bäş gol, “Mançester Ýunaýted” üçin 145, Madridiň “Realy’ üçin 450, “Ýuwentus” üçin 101, “Al-Nasr” üçin 68 we milli ýygyndynyň düzüminde 132 gol geçirdi. Ronaldu futbol, milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatynyň, Çempionlar ligasynyň, Klublaýyn dünýä çempionatynyň taryhynda iň gowy bombardirdir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir